Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Hüjümde 12 adam ýaralandy


Owganystanyň häkimiýetleri janyndan geçen ulagly bombaçynyň eden hüjüminde 12 adamyň, şol sanda alty polisiýa ofiseriniň ýaralanandygyny aýdýarlar. Bu hüjüm 7-nji dekabrda ýurduň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynyň polisiýa edarasyna amala aşyryldy.

Welaýat häkiminiň metbugat wekili Attaullah Hugýani janyndan geçen hüjümçiniň öz ulagyny welaýatyň Surh Rud etrabyndaky polisiýa edarasyna tarap sürmäge synanyşandygyny, emma onuň edara jaýynyň girelgesine ýetmezden ozal ulagy partladandygyny aýtdy.

Bu partlamanyň netijesinde sünni musulmanlarynyň metjidine, onlarça dükana we polisiýa edarasynyň diwarlaryna zeper ýetdi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG