Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

SOCAR 29 işçi üçin gözleg işleri dowam edýär diýýär


Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki nebit burawynda turan ýagyn.
Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki nebit burawynda turan ýagyn.

Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy SOCAR-yň resmisiniň 7-nji dekabrda beren maglumatyna görä, halas ediş toparlary 4-nji dekabrda gaý-tupan zerarly Hazar deňzindäki nebit burawynda turan ýagyndan bäri ýitirim bolan 29 işçini henize çenli tapyp bilmändirler.

SOCAR kompaniýasynyň “Azneft” nebit we gaz önümçilik bölüminiň baş inženeri Baldamirza Aliragimow ýurduň ýangyn söndüriji gullugynyň işgärleriniň Azeri-Çyrag-suwasty Güneşli sebitindäki ýangyny söndürmek ugrunda 7-nji dekabrda hem göreş alyp barýandygyny aýtdy.

Azerbaýjanyň nebitçi işçileriniň hukuklaryny goraýan komitetiň başlygy Mirwari Gahrymanly 5-nji dekabrda 32 işçiniň ölendigini, 42 işçiniň bolsa halas edilendigini aýtdy.

6-njy dekabrda Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy SOCAR nebit burawynda turan ýangynda iki adamyň ölendigini we 33 işçiniň halas edilendigini tassyklady.

XS
SM
MD
LG