Sepleriň elýeterliligi

Orsýet harby satelit bilen arabaglanyşygy ýitirdi


Orsýetiň resmileri täze özleşdirilen harby satelit kosmosa uçurylyp, onuň buster, ýagny güýçlendirip ýokary uçurýan raketalary birek-bireginden aýrylmakda şowsuz bolandan soň, satelit bilen arabaglanyşygyň ýitendigini aýdýarlar.

7-nji dekabrda ors metbugat serişdesi Orsýetiň howa güýçleriniň resmilerine salgylanyp “kosmos gämisiniň... ýitirim bolandygy çaklanylýar” diýip ýazdy.

Gürrüňi edilýän sateliti göterýän “Soýuz-2.1B” kysymly raketa 5-nji dekabrda Plesetsk kosmodromyndan uçurylypdy.

On ýylyň dowamynda özleşdirilen bu satelit kosmosdan Ýeriň ummanlaryny we howa ulgamyny synlamak we surata düşürmek üçin taýýarlanypdy.

Onuň harby maksatlarynyň biri suwasty gämileriň ýerleşýän ýerini kesgitläp, olary yzarlamakdan ybaratdy.

XS
SM
MD
LG