Sepleriň elýeterliligi

Obama 'YD-nyň' ýok ediljegini wada berdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama. 6-njy dekabr, 2015 ý.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama. 6-njy dekabr, 2015 ý.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ýakynda Kaliforniýada 14 adamyň ölümine sebäp bolan wakanyň “terrorçylykly hüjüm” bolandygyny we iki hüjümçiniň “radikallaşmanyň garaňky ýoluna” düşendigini aýtdy.

Obamanyň Ak tamdan eden bu çykyşy telewideniýede görkezilip, bu onuň soňky ýedi ýylyň dowamynda eden şuňa meňzeş üçünji çykyşydyr. Ol soňky ýyllarda terrorizm howpunyň “täze görnüşe” özgerendigini aýdyp, “Yslam döwleti” atly ekstremist toparyň ýok ediljegini wada berdi.

Şeýle-de, Obama dünýäniň musulman jemgyýetine radikalizmi we “Yslam döwleti” atly toparyň ideologiýasyny ret edip, terrorizme garşy söweşe goşulmaga çagyrdy. Obama Günbatar bilen Yslamyň arasynda hiç hili konfliktiň ýokdugyny hem nygtady.

XS
SM
MD
LG