Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: “Daşary ýurt harby bazasy ýerleşdirilmez”


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Geçen anna Aşgabatda geçirilen Ýaşulular maslahatynyň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplyk Maksatnamasynyň çäginde öz üstüne “meýletin alan” borçnamalaryna ygrarly bolup galýandygyny belledi.

Beýleki maddalar bilen birlikde Berdimuhamedow hususan-da:

- harby birleşiklere we bileleşiklere gatnaşmazlyk, şol sanda gatnaşýan ýurtlaryň köpçülikleýin jogapkärçiligini göz öňünde tutýan döwletara bileleşiklerine gatnaşmazlyk;

- öz çäklerinde beýleki döwletleriň harby bazalaryny ýerleşdirmezlik;

- beýleki ýurtlara ykdysady basyş görkezmezlik we beýleki döwletleriň garşysyna gönükdirilen ykdysady birleşiklere gatnaşmazlyk ýaly borçnamalary agzap geçdi.

Türkmen lideri bu we beýleki borçnamalaryň hemişelik häsiýete eýedigini aýdyp, olaryň Türkmenistanyň içerki we daşarky syýasatynyň ugurlaryny kesgitleýändigini hem sözüne goşdy.

Berdimuhamedow agzap geçen borçlaryny halkara arenasyndaky häzirki günüň derwaýys meseleleriniň hiç biri bilen baglanyşdyrmasa-da, bu Russiýanyň Krym ýarymadasyny basyp almagy bilen Moskwanyň garşysyna girizilen ykdysady sanksiýalara, şeýle-de Owganystanyň Türkmenistan bilen serhediniň golaýyndaky ýüze çykan howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli Aşgabadyň daşardan hemaýaty sorap-soramajakdygy baradaky çekişmeleriň peýda bolan pursadyna gabat geldi.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, Aşgabat ýokarky meseleler boýunça häzire çenli öz pozisiýasyny resmi derejede beýan etmän gelýärdi.

4-nji dekabrda eden çykyşynda Berdimuhamedow Owganystandaky ýagdaýlar barada hem durup geçdi. Ol bu ýurda “aýratyn üns berýändigini” aýdyp, Türkmenistanyň “bu ýurtdaky ýagdaýy BMG-niň howandarlygynda parahatçylykly we syýasy ýollar bilen düzgünleşdirmegiň tarapdarydygyny” mälim etdi.

Şeýle-de türkmen lideri öz çykyşynda ýurtdaky adam hukuklarynyň meselelerini hem gozgady. Ol: “[D]öwlet bolsa, şahsyýetiň ileri tutulýandygyny, onuň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga taýýardygyny berk we ynamly yglan edýär” diýdi.

Berdimuhamedow döwletiň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga “taýýardygyny yglan edýändigini” mälim etse-de, bu ugurdaky anyk ädimler barada jikme-jik maglumat bermedi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, prezidentiň çykyş eden Ýaşulular maslahaty Türkmenistanyň bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi.

“Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” baradaky Rezolýusiýa BMG tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilip, şol ýylyň 27-nji dekabrynda hem Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmündäki daşary syýasatynyň Maksatnamasy kabul edilipdi.

Bir tarapdan, türkmen resmileri Bitaraplygy – özleriniň “parahatçylyk söýüji syýasaty” diýip atlandyrsalar, beýleki tarapdan, käbir halkara ekspertleri Bitaraplygyň “türkmen režiminiň simwolyna” öwrülendigini we onuň içerki syýasatda has köpräk ulanylýandygyny” aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG