Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Partlamada bäş adam ýaralandy


Partlamanyň bolan ýeri, Moskwa, Pokrowka köçesi, 7-nji dekabr, 2015

Partlamanyň bolan ýeri, Moskwa, Pokrowka köçesi, 7-nji dekabr, 2015

Orsýetiň resmileri kiçi göwrümli partlaýjy guralyň Moskwanyň merkezindäki awtobus duralgasynda bäş adamy ýaralandygyny aýdýarlar.

Partlamaly waka 7-nji dekabrda agşam Moskwanyň Çistyýe Prudy etrabynda Pokrowka köçesinde ýüze çykdy. Bu ýerde köp sanly restorandyr-kafe ýerleşýär.

Orsýetiň polisiýasy partlamanyň terrorçylykly hüjümiň ähtimallygyna ünsi gönükdirmedi we “huligançylyk boýunça” işiň gozgalandygyny habar berdi.
Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Andreý Galiakberow partlaýjy serişdesiniň geçip barýan awtoulagdan ýa-da golaýdaky binanyň aýnasyndan zyňylan bolmagynyň ähtimaldygyny belledi.

Galiakberow bäş adamyň aýna döwüginden ýaralanandygyny aýtdy.

Orsýetiň habar agentlikleri ýaralanan üç zenanyň aýaklaryna şikes ýetip, keselhana eltilendigini, ýene biriniň keselhana barmakdan ýüz owürendigini habar berdiler.

XS
SM
MD
LG