Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Ukraina goldawy dowam eder


ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden, Kiýew, 7-nji dekabr, 2015
ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden, Kiýew, 7-nji dekabr, 2015

ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden Ukrainanyň parlamentinde eden çykyşynda Orsýet Krymda “garaşsyz Ukrainanyň territoriýasyny okkupirleýär” we Ukrainanyň ýarymadasyny bikanun anneksiýa edip, halkara kanunlaryny bozdy diýdi.

Biden 8-nji dekabrda eden bu çykyşynda “dünýäniň Ukraina syn edýändigini” we onuň “Kremliň rehimsiz agressiýasyna garşy söweşýändigini” aýtdy.

Biden ABŞ Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegini “hiç wagtda ykrar etmez” diýip, Ukraina Orsýetiň agressiýasyna garşy goldaw bermegini dowam etdirjekdigini mälim etdi.

Ukrainanyň gündogarynda separatistleri goldaýan Orsýetiň 2014-nji ýylyň mart aýynda Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp öz düzümine goşaly bäri Biden Kiýewe dördünji gezek sapar edýär.

XS
SM
MD
LG