Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Yrakdan goşun çykarmakdan ýüz öwürdi


Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu Ankaranyň häzirlikçe öz gury ýer goşunlaryny Yragyň demirgazygyndan çykarmajagyny yrak hökümetine aýtdy.

Çawusoglu bu planlaryny Yragyň daşary işler ministri Ibrahim al-Jaafari bilen 8-nji dekabrda, Bagdadyň Türkiýäniň goşunlarynyň çykarylmagy üçin kesgitlän wagt möhletiniň dolmagyndan sanlyja sagat geçensoň geçiren telefon söhbetdeşliginde mälim etdi.

Yragyň premýer-ministri Hader al-Abadi türk goşunlarynyň Yraga birugsat girendigini aýtdy we şol goşunlar 7-nji dekabryň agşamyna çenli ýurtdan çykarylyp başlanmasa Bagdadyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýüz tutjakdygyny duýdurdy.

Çawusoglu Ankara 3-nji dekabrda Mosul şäheriniň golaýyna öz harby güýçlerini iberip, bu ýerde eýýäm ýerleşýän harbylaryny gorajak bolýandygyny aýdýar.

Türkiýe öz esgerleriniň “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşýän yrakly kürtleriň Peşmerga güýçlerini we sünni arap tire-taýpalarynyň söweşijilerini türgenleşdirýändigini belleýär.

XS
SM
MD
LG