Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ wiza programmasyna gaýtadan garaýar


ABŞ-nyň içeri howpsuzlyk boýunça sekretary Jeh Johnson öz edarasynyň geçen hepdede Kaliforniýa ştatynyň San Bernardino şäherinde bolan ok atyşykdan soň daşary ýurtlularyň amerikan raýatlaryna durmuşa çykmak üçin ABŞ syýahat edmegine degişli düzgünlere gaýtadan seredýändigini aýtdy.

Johnsonyň sözlerine görä, gyrgynçylygy öz adamsy bilen bilelikde amala aşyrmakda aýyplanýan pakistanly zenan Tashfeen Maligiň amerikan raýatyna durmuşa çykmak üçin 2014-nji ýylda ABŞ barmaga rugsat alan 519 sany pakistanlynyň biridigi anyklanansoň bu meselä seredilýär.

Maligiň meselesi hökümetiň daşary ýurtlular bilen durmuş gurmak boýunça K-1 wiza programmasyny sorag astyna goýdy.

Döwlet departamentiniň maglumatlaryna görä, 2014-nji ýylda berilen 9.9 million wizadan 36000 K-1 programmasynyň çäginde durmuşa çykmak üçin berilipdir.

Malik we onuň adamsy Syed Rizwan Farook Kaliforniýada 14 adamy oka tutup öldürmekde aýyplanýarlar.

XS
SM
MD
LG