Sepleriň elýeterliligi

AI: 'YD' hökümetiň ýaragyna eýe boldy


“Amnesty International” guramasynyň aýtmagyna görä, onlarça ýyllap dowam eden oýlanşyksyz ýarag söwdasy we Yraga eltilen ýaraglaryň düzgünleşdirilmändigi “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň elinde “uly möçberde dürli” ýaraglaryň jemlenmegine getirdi.

8-nji dekabrda çap bolan hasabatda “Amnesty International” guramasy “YD” toparynyň öz elindäki ýaragy Yrakda we Siriýada giň möçberde uruş jenaýatçylyklaryny amala aşyrmak üçin ulanýandygyny aýtdy.

Hasabatda söweşijileriň ýaraglaryň we harby gurallaryň aglaba bölegini Yragyň we Siriýanyň goşunyndan basyp alandygy, ýaraglaryň dünýäniň 20-den gowrak ýurdunda, şol sanda Orsýetde, Hytaýda, ABŞ-da we Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarynda öndürilendigi bellenýär.

“Amnesty International” “uruş jenaýatçylyklaryna” baş goşan Siriýanyň hökümet güýçleri we oppozision toparlary babatynda ýarag söwdasyna “doly gadagançylyk” girizmäge çagyrýar.

XS
SM
MD
LG