Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Çäklendirmeler meseläni çözmeýär"


Dollaryň "gara bazary". Türkmenabat
Dollaryň "gara bazary". Türkmenabat

Türkmenistanda dollar satyn almak operasiýalaryna çäklendirmeler girizilse-de, resmi Aşgabat bu çäreleriň sebäpleri barada ilat köpçüligine hiç hili degerli düşündirişleri bermeýär.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda dowam edýän bu ýagdaýlar dogrusynda gazagystanly ykdysady bilermen Manashan Mirmanow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Manashan, bilşimiz ýaly Türkmenistan şu ýylyň başyndan bäri walýuta alyş-çalyş nokatlarynda dollar satyn almak operasiýalary babatynda ençeme çäklendirmeleri girizdi. Şol bir wagtda resmi Aşgabat bu ýagdaýlaryň sebäpleri ýa-da netijeleri barada ilata hiç hili maglumat bermeýär. Siziň pikiriňizçe, bu çäklendirmeleriň arkasynda ýatan sebäpler nämeler bolup biler?

Manashan Mirmanow: Bilşimiz ýaly, bu krizis düýn döremedi. Bu öz gözbaşyny has öňräkden alyp gaýdýar. Nebitiň, gazyň bahalarynyň gaçyp başlamagy bilen, ýagdaýlaryň oňaýsyz tarapa özgerjekdigi hem aýdyň bolupdy.

Manashan Mirmanow
Manashan Mirmanow

Şeýle-de esasy rezerw pul birligi hasaplanýan hytaý ýuanynyň hümmetsizlenmegi hem ýagdaýlary çylşyrymlaşdyrdy. Munuň yzy bilen rus rublunyň we merkezi aziýa döwletleriniň milli pul birlikleriniň hümmeti hem gaçdy.

Türkmenistan, esasan hem onuň [dollar babatyndaky] girizýän çäklendirmeleri barada aýdylanda, men munuň hiç hili oňaýly netijeleri bermejekdigini häzirden aýdyp goýasym gelýär.

Üssesine-de, Türkmenistanyň Russiýanyňky ýa-da Gazagystanyňky ýaly uly mukdardaky altyn-walýuta zapaslary ýok. Hatda şeýle ýagdaýlarda-da gazak we rus ykdysadyýetleri öz milli pul birlikleriniň hümmetsizlenmegini duruzmak üçin edýän birža interwensiýalaryndan el çekmeli boldy.

Gazagystanyň Milli bankynyň ýolbaşçysy açyk bir görnüşde “ildeşler, biz teňňäni (gazak pul birligi – red.) öz akymyna goýberdik. Biz her aý milliarldlap dollary ýele sowrup biljek däl” diýdi.

Azatlyk Radiosy: Ýaňy siz türkmen häkimiýetleriniň girizýän çäklendirmeleriniň “oňaýly netijeleriniň bolmajakdygyny” aýtdyňyz. Takyklaşdyraýsaňyz? Munuň nähili netijeleri bolup biler?

Manashan Mirmanow: Dollaryň bikanun dolanyşygy, dollaryň “gara bazary” dörär. Biz bu taryhy ozalam, Sowet döwründe-de geçipdik. Eger-de resmi walýuta nokatlary raýatlaryň dollar talabyny ödäp bilmese, olaryň orunlaryny tutjaklar hökman tapylar. Tebigatda boşluk bolmaýar.

Hawa, walýuta spekulýantlary belli bir töwekgelçilik bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Emma şahsy bähbit gazanmak islegi munuň öwezini dolýan bolsa gerek.

Azatlyk Radiosy: Siz beýleki, şol sanda merkezi aziýa döwletleriniň ykdysadyýetlerini hem ýakyndan yzlaýarsyňyz. Siziň pikiriňizçe beýlekileriň tejribesi nukdaýnazaryndan Türkmenistan häzirki ykdysady ýagdaýlarda nähili ädimleri ätse, has amatly bolardy?

Manashan Mirmanow: Nädeniňde-de, çäklendirmeleri girizmek bilen-ä meseläni çözüp bilmersiň. Raýatlary gysmaly däl. Ýurtda ýaşaýan her bir adam bazaryň şärigi bolmaly.

XS
SM
MD
LG