Sepleriň elýeterliligi

"The Gaurdian" gazetiniň ýazmagyna görä, Fransiýanyň iň tanymal we beýik ýazyjylarynyň biri Wiktor Hýugonyň (1802 – 1885) "Öz ýurduňyzyň garybyna 100 frank bermegiňizi haýyş edýän" diýen bir sözlemden ybarat golýazmasy Birleşen Ştatlarda 3 müň dollara satlyga çykaryldy.

Terjimehal maglumatlary Wiktor Hýugonyň ýetginjek ýyllaryndan başlap ýönekeý adamlaryň gahrymanyna, döwlet ýolbaşçylarynyň arzyly şahyryna öwrülendigini görkezýär. Ol Fransiýanyň diktaturadan demokratiýa geçmegindäki syýasy ewolýusiýada uly rol oýnan ýazyjy hasaplanylýar.

Hýugo ölmezinden öň ýazan wesýetnamasynda "Men garyplara 50 müň frank galdyrýaryn, özümem şolaryň merhum jaýlaýan arabasynda gonamçylyga äkidilmegimi isleýärin" diýip ýazypdy.

Ol "Men ähli ybadathanalaryň ugradyş dabaralaryndan ýüz öwürýärin. Men ruhlaryň ählisine doga edilmegini soraýaryn. Men Hudaýa ynanýaryn" diýip ýazypdy.

Wiktor Hýugonyň 1862-nji ýylda çap edilen "Ezilenler" (The Miserables) romany 19-njy asyryň iň beýik romanlarynyň bir hasaplanylýar. Bu romanyň baş gahrymany 19 ýaşynda aýal doganynyň ýedi sany aç çagasyny naharlamak üçin bir bölek çörek ogurlap, türmä basylýar.

Şu ýyl Wiktor Hýugonyň aradan çykanyna 130 ýyl boldy. Ol Parižde, döwlet derejesinde jaýlanylýar, emma wesýetnamasy boýunça, onuň jesedini gonamçylyga garyplaryň merhum arabasynda äkidýärler.

"Ezilenler" romanynda "Hatda iň garaňky gije-de soňlanar we Gün dogar" diýen ýazyjynyň dana sözlerinden käbirini Azatlygyň okyjylary bilen paýlaşasymyz geldi.

***

"Akyl-paýhasa daýanýan dowzah akmaklyga gurşalan jennetden kän gowy bolar."

"Gelejegiň birnäçe ady bar. Gowşak üçin ol mümkin däl; gorkak üçin ol nämälimlik; edermen üçin ol ideal.”

“Söýgi adamlaryň akmaklygy, hudaýyň bolsa paýhasy."

"Dymyşlyk ýalan bolanda, sesiňi çykarman oturmak aňsat däl."

“Saz sözlere sygmadyk we aýtman goýup bolmajak zatlary aýdýar."

“Sesiňi eşitmezlikleri dymmak üçin sebäp däl."

"Aglamaýanlar görýän däldir."

"Eger men gürlesem, ýazgarylaryn. Eger men dymsam, näletlenerin."

“Adamlar güýç-kuwwatsyz däl, islegsiz."

“Sen meni gürlemäge nämäniň mejbur edýändigini soraýarsyň. Geň närse: meniň wyjdanym.»

“Mekdep gapysyny açýan türmäni ýapýar.”

“Adamy boş jübi ýaly töwekgellige salýan zat ýokdur.»

“Wagty gelen ideýanyň güýjüniň öňünde hiç bir goşun durup bilmez.”

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG