Sepleriň elýeterliligi

Kandagar: 'Talyban' howa bazasyna hüjüm etdi


RAF Tornado GR4 kysymly uçar Kandagar howa meýdanynda, noýabr, 2014.

RAF Tornado GR4 kysymly uçar Kandagar howa meýdanynda, noýabr, 2014.

“Talybanyň” söweşijileri Owganystanyň we NATO-nyň güýçleri tarapyndan ulanylan esasy howa meýdanyna hüjüm etdiler.

Kandagardaky howa meýdanyna edilen hüjüm 8-nji dekabrda agşam başlanyp, günüň ertesi dowam etdi.

Kandagar welaýatynyň häkiminiň metbugat-wekili Sameem Hpalwak azyndan dokuz sany owgan raýatynyň we harbysynyň öldürilendigini habar berdi.
Hpalwak “Talybanyň” üç hüjümçisiniň hem öldürilendigini aýtdy.

Owganystanyň Goranmak ministrligi ölenleriň sanynyň 37 adama ýetendigini habar berdi.

NATO-nyň ýardam beriji güýçleriniň metbugat-wekili bazadaky ýüzlerçe halkara işgärleriniň arasynda adam pidalary barada maglumatyň ýokdygyny belledi.

XS
SM
MD
LG