Sepleriň elýeterliligi

Ghani, Şarif öz pozisiýalarynda durýarlar


“Aziýanyň kalby” maslahaty, Yslamabat, 9-njy dekabr, 2015.

“Aziýanyň kalby” maslahaty, Yslamabat, 9-njy dekabr, 2015.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani we Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif Yslamabatda geçirilen regional konferensiýasynda dartgynly gatnaşyklary boýunça öz pozisiýalaryny nygtadylar.

9-njy dekabrda Pakistanda geçirilýän “Aziýanyň kalby” atly maslahatda Owganystana regional derejesinde ýardam bermek meselesi maslahat edilýär.

Ghani konferensiýada eden çykyşynda” duşmanlaryň” Owganystany bölmek boýunça eden synanyşygy başa barmady diýdi. Ol ýurtdaky zorlukda “regional we halkara terrorçy toparlaryny” aýyplady.

Şarif öz çykyşynda Pakistanyň araçylygynda Kabulyň we “Talybanyň” arasynda parahatçylyk ugurndaky gepleşikler meselesini gozgap, “owganlaryň ýolbaşçylygyndaky we owganlaryň gol astyndaky ýaraşyk prosesine” ünsi çekdi.

XS
SM
MD
LG