Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sadalyk hem belentlik


Kitap.
Kitap.

Bir gezek Çary Aşyrdan gürrüň çykanda, ony daşyndan tanaýanlaryň biri: “Ol ýeke goşgusy bilen klassyk boldy” diýdi. Şol ýeke goşgy üçin, şahyryň nähili takdyry başdan geçirendiginden köpleriň habary ýokdur.

Ýetimlik

Ol ynsan ýazyjy-şahyrlaryň arasynda iň uzak ýaşap bileni boldy. Togsandan agdy, ýöne ýüz ýaşa ýetmedi. Şu günlerde bolsa onuň doglan gününe 105 ýyl bolýar.

Çary Aşyr 1910-njy ýylyň 10-njy dekabrynda, Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda dünýä indi. 2003-nji ýylyň fewralynda aradan çykdy.

Ol ýaşlykdan ene-atasyz ýetim galýar.

Ýetimlik gursun, dostlar,

Ýüzüň, gözüň soluk bolar.

Köýnejigiň ýyrtyk-ýyrtyk,

Ýeňjagazyň ýoluk bolar.

Ýetimlik gül dek soldurar,

Görendirin, görendirin.

Bir wagt kişi elinde

Ýörendirin, ýörendirin…

Tutha-baslyk belasy

Ol Çagalar öýünde terbiýelenip, bilim alýar. Düýpli bilim almak üçin, Moskwa okuwa gidýär.

Goldawsyz ýeke ýigit iýjek çöregini gazanmak üçin, gijelerine köçede gar ardypdyr.

“Daň bilen köçeleriň garyny artmaga başlardyk. Näçe ir turup bilseň, şonça ýeňil. Aýak astynda beýle bir basgylanmanka gar artmak ýeňil düşýär” diýip gürrüň berýärdi.

“Meniň Moskwada okamagym, gören görgülerim bähbide ýazdy. Türkmenistana dolanyp gelenimde, bar ýerde tutha-tutluk gidýärdi. Adamlar biri-birine şeýle bir ýowuz daraşýarlar. Öz dogan agasyny ýamanlap, türmä basdyranlar bar. Soňky dört ýylymy Moskwada geçiremsoň, meni tanaýan ýok. Şonuň üçin ol howpdan aman galdym” diýip, Çary aga gürrüň beripdi.

Uruş

Çary Aşyr öz döwrüniň ikinji ýowuz belasy Jahan urşunyň girdabyndan sowlup bilmedi. 1942-nji ýylda urşa gitmeli boldy. Uruşda agyr ýaralandy.

Özüni ölümden halas eden medisina uýasy barada şeýle ýazdy.

Ol gün ýel ösýärdi tozadyp gary,

Top oky ýagýardy, ýanýardy däri.

Agaçlar burjulap, ýerler doňupdy,

Beýnim sarsyp, ýüzüme gan eňipdi.

Gulak eşidýärdi, göz görmeýärdi,

Iki elim ganly gary sermeýärdi.

Başymy galdyryp, bir ýakymly el,

Zenzele içinde bir zat diýdi ol.

Mähriban ene dek edýärdi emi,

Çawýardy ýüzüme ýakymly demi.

Ýadymda däl aýdan sözleriniň bary,

Şulary ýat tutdum şol günden bäri:

„Adym Nina – diýdi. – Özüm ermeni.”

Şol gyz halas etdi ölümden meni.

“Ganly saka”

Şahyryň döredijiliginiň agramly bölegini öz halkynyň agyr takdyry eýeledi.

Çary Aşyryň her bir eseriniň aňrysynda uly taryh bar. Uruşdan soňky ýyllarda “Ganly saka” trilogiýasyny döretmäge girişdi.

“Ganly saka” türkmen halkynyň suwa mätäçligini hem suw ugrunda barýan çaknyşygy beýan etdi. Bu mesele halkyň tragediýasy bolup geldi. Aýtmaklaryna görä, Ahalda suw nobaty wagtynda, gan döküşikli dawa bolupdyr.

Şahyryň “Ganly saka” eseriniň baş gahrymany Çaryýar şol saka barada şeýle diýýär.

Diýmäweri, diýmäweri,

Ganlydyr ol sakaň başy.

Ýanaşman, aga, ýanaşman,

Mazarlykdyr degre daşy.

Asyrlar boýy akar suwa zar bolup gelen milletiň takdyryny “Ganly saka” giňden beýan etdi. Wakalaryň çakdan aşa uzalyp gidýändigi sebäpli şahyr “Lalyň ogly” hem “Gökýaýlanyň ýigitleri” poemalaryny-da döretmeli boldy.

Olar “Ganly sakanyň” dowamy bolup, umumylykda tutuş bir döwrüň taryhyny beýan edýän monumental trilogiýa öwrüldi.

Bu eser barada ýörite ylmy işler, soňra bolsa tutuş monografiýa ýazyldy. Soňy bilen “Ganly sakanyň” esasynda sahna eseri, has takygy, sungatyň iň ýokary derejesi saýylýan opera döredildi.

Şeýlelikde, Çary Aşyr täze türkmen edebiýatynda poeziýadaky epiki usuly esaslandyrdy.

Soňky hyzmat

Çary Aşyr ömrüniň soňky bölegini proza ýazmaga bagyş etdi. Onuň döreden “Ekizler”, “Göreş”, “Garry serdar” hem beýleki romanlaryny okyjylar gowy garşy aldylar.

Onuň bitiren hyzmaty barada gaty giň gürrüň edip bolar. Ol terjimeçi hökmünde hem uly iş bitirdi. S.A. Puşkiniň, Ýu.M. Lermontowyň, N.A. Nekrasowyň, T.G. Şewçenkonyň, N.W. Gogolyň, L.N. Tolstoýyň, A.P. Çehowyň, W.W. Maýakowskiniň, N. Tihonowyň dürli eserlerini türkmen diline terjime edipdi.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG