Sepleriň elýeterliligi

Ozalky wise-premýer 'türmede ýogaldy'


Günbatar Türkmenistan, boş türme. 2008 ý.

Günbatar Türkmenistan, boş türme. 2008 ý.

Türkmenistan barada maglumat çap edýän websaýtlar, öz çeşmelerine salgylanyp, türkmen hökümetiniň ozalky wise-premýeri Ýolly Gurbanmyradowyň 55 ýaşynda türmede aradan çykandygyny habar berýärler. Ol 2005-nji ýylda uly möçberde döwlet emlägini ogurlamakda aýyplanypdy.

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň «Türkmenistanyň hronikasy» websaýtynyň ýazmagyna görä, Ýoully Gurbanmyradowyň jesedi 2-nji dekabrda garyndaşlaryna berlip, 3-nji dekabrda jaýlanypdyr. Aýdylmagyna görä, ol 1-nji dekabrda türmede aradan çykypdyr.

Bu habary, öz çeşmeleri esasynda, oppozisiýanyň «Gündogar» saýty hem tassyklaýar.

Emma, adatça bolşy ýaly, Türkmenistanyň resmi metbugatynda öňki wise-premýeriň ölümi barada hiç bir habar berilmedi.

Azatlyk radiosynyň Aşgabatdaky ynamdar çeşmesi bu habary merhumyň bir garyndaşynyň tassyklandygyny, galyberse, il içinde hem şeýle gürrüňiň bardygyny aýtdy.

«Gündogar» saýty Gurbanmyradowyň 2005-nji ýylyň maýynda, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisler zalynda tussag edilendigini ýazýar.

Ol uly möçberde döwlet emlägini ogurlamakda, wezipe-borçlaryny hyýanatçylykly peýdalanmakda, köpaýallylykda, şeýle-de daşary ýurtlaryň ýörite gulluklary bilen aragatnaşyk saklamakda aýyplanypdy.

Şol wagt bu täzelik barada daşary ýurt habar serişdelerinde, şol sanda Azatlyk radiosynda hem makala çap edilipdi.

Ýolly Gurbanmyradow tussag edilen mahalynda Ministrler kabinetiniň başlygynyň ýurduň nebit-gaz pudagyna gözegçilik edýän orunbasary, Halkara Saparmyrat Türkmenbaşy fondunyň ýerine ýetiriji direktory, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanynda daşary ýurt maýalaryny çekmek baradaky komitetiň direktory bolup işleýärdi.

Gurbanmyradowyň işi boýunça esasy garalawçylar hökmünde şol wagtky baş prokuror Gurbanbibi Atajanowa, milli howpsuzlyk ministri Geldimuhammet Aşyrmuhammedow dagy çykyş edipdi.

Centrasia.ru websaýty şol wagt çap edilen habarlara salgylanyp, resmi derňewiň maglumatlaryna görä, öňki wise-premýeriň, konfiskasiýa edilen 26 million dollarlyk hususy emlägini hasaplamanyňda, 233 million dollar ogurlamakda aýyplanandygyny habar beripdi.

Şol bir wagtda oňa ýapyk gapylaryň arkasynda, adalatly hasaplanylmaýan sudda nähili höküm çykarylandygy, näçe ýyl iş kesilendigi anyk däl.

«Türkmenistanyň hronikasy» websaýty 2013-nji ýylyň iýunynda Ýolly Gurbanmyradowyň S.Nyýazow döwründe aragatnaşyk ministri bolan doganoglany Begli (Bekmyrat) Gurbanmyradowyň hem türmede aradan çykandygyny habar berdi.

Emma bu habar barada resmi maglumat peýda bolmady.

Ýolly Gurbanmyradow 1960-njy ýylda, Aşgabatda doguldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG