Sepleriň elýeterliligi

BMG: G.Ukrainada 9000 adam öldi


BMG-niň 9-njy dekabrda ýaýradan adam hukuklary boýunça hasabatynda gündogar Ukrainadaky konfliktde wepat bolanlaryň tassyklanan sanynyň noýabr aýynda 9 müňden geçendigini habar berdi, şol bir wagtda-da regionyň “beýleki ýerlerinde duşmançylygyň çürt-kesik azalandygyny” belledi.

BMG-niň Ukrainada adam hukuklary boýunça gözegçiler missiýasynyň hasabatynda Ukrainanyň harbylarynyň we orsýetçi separatistleriň “agyr ýaraglaryny” yza çekmegi bilen duşmançylygyň azalandygy bellenýär.

Şeýle-de hasabata görä, 2014-nji ýylyň aprel aýynda söweşler başlanaly bäri wepat bolanlaryň sany noýabr aýynda 9098 adama ýetipdir ýene 20732 adam ýaralanypdyr.

Adam pidalarynyň sany raýatlary, hökümet goşunynyň harbylaryny we orsýetçi separatistleri öz içine alýar.

Hasabatda gündogar Ukrainada 26-njy awgustyň we 15-nji noýabryň arasynda 47 raýatyň wepat bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG