Sepleriň elýeterliligi

Gozgalaňçylar Homsdan çykarylýar


Siriýanyň gozgalaňçy güýçleri Homs şäheriniň Waer etrapçasyny terk edýärler, 9-njy dekabr, 2015

Siriýanyň gozgalaňçy güýçleri Homs şäheriniň Waer etrapçasyny terk edýärler, 9-njy dekabr, 2015

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režiminiň araçylygyndaky ylalaşyga laýyklykda merkezi Homs şäheriniň golaýynda gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki ýerlerinden adamlary ewakuasiýa etmek boýunça işler başlandy.

Habar berilişine görä, esasan parahat ýaşaýjylar, şol sanda aýallar we çagalar üç awtobusa 150 adamdan mündürilip, 9-njy dekabrda şäheriň al-Waer etrapçasyny terk edipdirler.

Soňky hepdede gelnen ylalaşyga görä, bu ýerden jemi 3200 gozgalaňçy söweşijiniň we olaryň maşgalalarynyň göçürilmegi göz öňünde tutulýar. Bir hepde mundan öň Damaskyň gozgalaňçylaryň elindäki Kudsayya etrapçasynda ewakuasiýa çäreleri başlanypdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Siriýanyň oppozisiýasynyň we gozgalaňçy toparlarynyň agzalary 9-njy dekabrda Saud Arabystanynyň paýtagtynda duşuşyp, geljekki hepdelerde geçirilmegine garaşylýan parahatçylykly gepleşikler üçin bütewi pozisiýasyny işläp düzmegi maslahat etdiler.

XS
SM
MD
LG