Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daglyk Garabag tankdan oka tutuldy


Ermeni esgerleri türgenleşik geçirýärler, Daglyk-Garabag, 20-nji ýanwar, 2015.
Ermeni esgerleri türgenleşik geçirýärler, Daglyk-Garabag, 20-nji ýanwar, 2015.

Azerbaýjanyň tanklary ýurtdan bölünen Daglyk-Garabag regionyny soňky 21 ýylyň dowamynda ilkinji gezek oka tutýarlar. Bu barada regionyň goranmak ministrligi 9-njy dekabrda habar berdi.

“1994-nji ýylda ok atyşyk bes edileli bäri ilkinji gezek Azerbaýjan Garabag front liniýasynda tanklary ulandy”, diýip ministrlik Garik Awanesian atly esgeriň öldürilendigini aýtdy.

Şeýle-de, tanklardan we granata atyjy ýaraglardan 1500 okuň atlandygy maglumatda habar berildi.

Azerbaýjan Ermenistanyň Azerbaýjanyň obalaryny oka tutup, ilkinji bolup hereket edendigini aýdýar.

Azerbaýjanyň ministrligi Daglyk-Garabagda “duşmanyň” pozisiýalaryna jogap beriji zarbalary amala aşyryp biljekdigini duýdurdy.

Ermenistan we Azerbaýjan 1990-njy ýyllaryň başynda dawaly Daglyk-Garabag regionynyň üstünde gandöküşikli konflikti başdan geçirensoň ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyga gelipdi.

XS
SM
MD
LG