Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Türkiýäniň aýyplamasyny ret etdi


Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Maria Zaharowa

Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Maria Zaharowa

Orsýet özüniň Siriýada prezident Başar al-Assadyň režiminiň syýasy garşydaşlaryna garşy etnik arassalaýyşlary geçirýändigi barada Türkiýe tarapyndan öňe sürlen aýyplamalary ret etdi.

Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Maria Zaharowa 10-njy dekabrda eden çykyşynda aýyplamalaryň esassyzdygyny aýtdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu 9-njy dekabrda çykyş edip, Orsýeti demirgazyk Siriýada “etnik arassalaýyşlary” geçirmekde aýyplady.

Dawutoglu Moskwanyň ýerli türkmenleri we sünni musulman ilaty Latakia regionyndan gysyp çykarmaga synanyşýandygyny aýtdy.

Ankaranyň we Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar türk güýçleriniň orsýet uçaryny oka tutup ýere gaçyrmagynyň yzýany dartgynlaşdy. Türkiýe orsýet uçarynyň öz howa giňişligini bozandygyny aýdýar.

Orsýet uçarynyň bir pilotynyň öldürilmegi Moskwanyň Ankara garşy ykdysady sanksiýalary girizmegine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG