Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Nobel baýragy eýelerine gowşurylar


Nobel medaly, Oslo, 9-njy dekabr, 2015.

Nobel medaly, Oslo, 9-njy dekabr, 2015.

10-njy dekabrda Norwegiýanyň we Şwesiýanyň paýtagtlarynda geçiriljek dabaralarda 2015-nji ýylyň Nobel laureatlaryna baýrak gowşurylar.

Tunisiň Milli dialog dörtlügi öz ýurdunda demokratiýany gurmaga beren ýardamy üçin sylaglanan Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny Osloda alar.

Stokgolmda edebiýat, himiýa, fizika, medisina we ykdysadyýet boýunça baýraklar şu ýyl sylaglananlara dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Olaryň arasynda belarusly ýazyjy Swetlana Aleksiýewiç Sowet Soýuzyndaky durmuşy suratlandyrýan eserleri üçin baýraga mynasyp boldy.

67 ýaşly Aleksiýewiç özüne baýrak berilmegini “adamlaryň aňynda zorluksyz rewolýusiýany” amala aşyrmak üçin ulanmak isleýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG