Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Doňuz dümewinden 42 adam öldi


Eýranyň saglyk ministri Hassan Ghazizadeh Haşemi ýurtda doňuz dümewiniň tutaşmagy zerarly geçen aýyň dowamynda azyndan 42 adamyň ölendigini aýtdy. H1N1 wirusy sebäpli ölenleriň sany soňky 24 sagadyň dowamynda ýene alty adama ýetipdir.

Haşeminiň 10-njy dekabrda aýtmagyna görä, ölen 33 adam ýurduň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän Kerman welaýatynda ýaşapdyr, bu ýerde ýene 600 çemesi adama wirus ýokaşyp, keselhana düşüpdir.

Haşemi ýene bäş adamyň ýurduň günorta-gündogar we günorta-günbatar böleklerinde, ýene biriniň Tährandan 30 kilometr uzaklykdaky Karaj şäherinde doňuz dümewinden ýogalandygyny aýtdy.

Eýranyň resmileri adamlaryň doňuz dümewinden ölümi bilen bagly ýagdaýlaryň Eýranyň Azerbaýjan, Pakistan we Owganystan bilen serhetdeş welaýatlarynda ýüze çykandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG