Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Aňtaw ýolbaşçysy işden gitdi


Owganystanyň Howpsuzlyk boýunça milli müdirýetiniň başlygy Rahmatullah Nabil

Owganystanyň Howpsuzlyk boýunça milli müdirýetiniň başlygy Rahmatullah Nabil

Owganystanyň aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy we Howpsuzlyk boýunça milli müdirýetiň başlygy Rahmatullah Nabil öz wezipesinden çekildi we öz kararyna prezident Aşraf Ghani bilen syýasy gapma-garşylygyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Nabil wezipesinden çekilmeginden bir gün öň Facebook sosial ulgamyndaky öz sahypasynda Ghaniniň 9-njy dekabrda Pakistana eden saparyny berk tankyt etdi.

Pakistany “Talybanyň” Owganystandaky söweşijilerine ýardam bermekde tankyt edýän Nabil Şarifiň 9-njy dekabrda eden çykyşynda “Owganystanyň duşmanlary, Pakistanyň hem duşmanlarydyr” diýip aýdan sözlerine ünsi çekdi we Şarifiň çykyş eden wagtynda “Talybanyň” söweşijileriniň Kandagaryň harby bazasynda, şeýle-de Helman, Tahar we Badahşan welaýatlarynda bigünä adamlary öldürýändigini belledi.

Prezidentiň edarasynyň 10-njy dekabrda yglan etmegine görä, Howpsuzlyk boýunça milli müdirlige ýerine ýetiriji ýolbaşçy edilip, Mohammad Masud Andarabi bellendi.

XS
SM
MD
LG