Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk, kürt liderleri duşuşdy


Türkiýäniň prezidenti Taýyp Erdogan (sagda) we Kürdüstan regionynyň prezidenti Masud Barzani. Ankara. 9-njy dekabr, 2015 ý.
Türkiýäniň prezidenti Taýyp Erdogan (sagda) we Kürdüstan regionynyň prezidenti Masud Barzani. Ankara. 9-njy dekabr, 2015 ý.

Türkiýäniň prezidenti Taýyp Erdogan Yragyň Kürdüstan regionynyň lideri bilen duşuşdy.

Berilýän maglumata görä, Ankarada Erdogan bilen Kürdüstan regionynyň prezidenti Masud Barzani terrorizme garşy göreşdäki hyzmatdaşlyk barada pikir alşypdyrlar.

Türkiýe türk harbylarynyň “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşýän kürtleriň “Peşmerga” güýçlerine harby tälim bermek we olar bilen bile işleşmek üçin iberilendigini aýdýar.

Iki günlük saparynyň dowamynda Barzani Türkiýäniň Aňtaw gullugyna baryp, bu gullugyň ýolbaşçysy Hakan Fidan bilen duşuşdy.

Türkiýäniň prezidenti bilen, Kürdüstan sebitiniň prezidentiniň 1,5 sagatlyk gepleşikleriniň netijeleri boýunça hiç hili resmi beýanat ýaýradylmady. Erdogan “Al-Jazeera” telekanalyna beren interwýusynda türk esgerleriniň Yraga bu ýurduň lideriniň haýyşy boýunça iberilendigini, şeýle-de geçen hepdä çenli Bagdadyň bu ýagdaýy mesele hökmünde gozgamandygyny aýtdy.

Erdogan: “Premýer-ministr [Haidar] al-Abadi yrak esgerlerini türgenleşdirmek üçin bizden kömek sorapdy. Hut şonuň öz haýyşy sebäpli biz 2014-nji ýylda Başika sebitinde türgenleşik lagerini açypdyk” diýdi.

Şeýle-de türk prezidenti “ol, ýagny [al-Abadi] häzire çenli bu meselede dil ýarmandy” diýip, öz sözüniň üstüne goşdy.

Abadi geçen hepdäniň ahyrynda Yrakda türk esgerleriniň ýerleşdirilmegini “haýbat” diýip atlandyryp, olaryň Yrakdan yza çekilmegini talap etdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutogly Yrakdaky türk harby tälimçilirine “Yslam döwleti” tarapyndan abanýan howpuň artandygy sebäpli goşmaça esgerleriň ugrudalynandygyny aýtdy. Şeýle-de ol munuň haýbat däl-de, raýdaşlyk bolandygyny aýtdy.

Dawutoglunyň iki ýurduň arasynda dörän dartgynlylygy gowşatmak üçin golaýda Bagdada sapar etmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG