Sepleriň elýeterliligi

Bişkegiň polisiýasy iki 'ekstremisti' öldürdi


Polisiýa ofiserini öldürmekde güman edilip gözlenýän iki ekstremist Gyrgyzystanyň paýtagtynda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň 11-nji dekabrda Azat Ýewropa Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, “Jaişul Mahdi” yslamçy ekstremist toparynyň agzalary bolmakda güman edilýänler gije geçirilen ýörite operasiýanyň netijesinde öldürilipdir.

Bu iki adam geçen aýda Bişkekde polisiýa ofiserini öldürmeklige gatnaşmakda güman edilýärler.

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri dini ekstremistler tarapyndan polisiýa ofiserine garşy hüjümleriň soňky aýlarda köpelmegine aladalanma bildirýärler.

Gyrgyzystandan we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan ýüzlerçe erkek adamlaryň we zenanlaryň Siriýada we Yrakda yslamçy söweşijileriň hatarynda söweşýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG