Sepleriň elýeterliligi

Hodorkowskä garşy iş gozgaldy


Mihail Hodorkowski, 9-njy dekabr, 2015

Mihail Hodorkowski, 9-njy dekabr, 2015

Orsýetiň derňewçileri öňki nebit oligarhy we Kremliň tankytçysy Mihail Hodorkowskä garşy iki adamyň ölümini we dört adamy öldürmäge synanyşygy gurnamak aýyplamasy esasynda iş gozgady.

Derňew komitetiniň metbugat-wekili Wladimir Markin Hodorkowskiniň 1998-nji ýylda Nefteýugansk şäheriniň häkimi Wladimir Petuhowy öldürmekde we Petroleum Handelsgas kompaniýasynyň başlygynyň janpenasyny Ýewgeniý Rybiny öldürmäge synanyşmakda aýyplanýandygyny 11-nji dekabrda Interfaks agentligine aýtdy.

Hodorkowska garşy täze aýyplamalar onuň Orsýetde “rewolýusiýanyň” “gutulgysyz we zerurdygyny” aýtmagyndan iki gün geçensoň öňe sürüldi.
Londonda ýaşaýan Hodorkowskiý özüne garşy işiň gozgalmagyna prezident Wladimir Putin tarapyndan gozkezme berilendigini aýtdy.

Orsýetde iň baý adamlaryň biri bolan Mihail Hodorkowskiý 2003-nji ýylda tussag edilip, maliýe jenaýatçylyklarda aýyplanypdy. Onuň tarapdarlary gozgalan işleriň Hodorkowskini jezalandyrmak we onuň nebit kompaniýasyny döwletiň eýeçiligine geçirmek üçin edilendigini aýdýarlar.

Hodorkowskiý Putin tarapyndan amnistiýa edilip, 2013-nji ýylda Şweýsariýa gidipdi.

XS
SM
MD
LG