Sepleriň elýeterliligi

"YD" söweşijileri Ramadide gabaldy


Hökümete tarapdar tire-taýpalaryň güýçleri, Ramadiniň etegi, 30-njy noýabr, 2015.

Hökümete tarapdar tire-taýpalaryň güýçleri, Ramadiniň etegi, 30-njy noýabr, 2015.

Yragyň resmileri “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň öz gözegçiligindäki Ramadi şäherine hökümet güýçleriniň golaýlamagyndan soň Ýefrat derýasyndan köpri hökmünde hyzmat eden köşki ýumurandygyny habar berdiler.

Yragyň güýçleri soňky birnäçe günüň dowamynda Ramadi şäherini gabawa alyp, Anbar welaýatynyň paýtagtynyň töwereklerinde herekete geçdiler.

Anbar welaýatynda hökümetiň harby çärelerini ýolbaşçylyk edýän general-maýor Ismail al-Mahlawi ýumrulan köşküň Ramadiniň merkezinden demirgazyk-günbatara barýan ýeke-täk köpri bolandygyny aýtdy.

Yrakly harby ýolbaşçy köpriniň ýumrulmagyndan soň “YD” toparynyň söweşijileriniň şäheriň merkezinde gabawda galandygyny aýtdy. “YD” topary Ramadini maý aýynda basyp alypdy.

XS
SM
MD
LG