Sepleriň elýeterliligi

"Mona Lizanyň" aşagyndan başga surat çykdy


"Mona Liza"

"Mona Liza"

Fransuz barlagçysy Paskal Kotuň (Pascal Cotte) "Mona Liza" žiwopis eseriniň ýokarky gatlagynyň aşagynda ýene başga bir suratyň bardygynyň üstüni açdy.

Ol eýýäm on iki ýyldan bäri bu surat eseriniň üstünde işläp gelýär we bu kartinanyň esasy suratynyň aşagynda başga ýene bir suratyň bardygyny öňe sürýär.

Ol şeýle diýýär: "Meniň surat eserini öwrenmek usulym, bizi haýsam bolsa bir surat eseriniň hut ýüregine alyp barýar".

"Häzir indi biz bu surat eserini doly takyklap bilýäris. Biz onuň gatlaklaryny, edil soganyň gabygyny soýan ýaly edip, ýekän-ýekän aýryp, onuň özenine aralaşyp bilýäris".

"Esasy suratyň aşagynda gizlenen suratda hem bir zenan suratlandyrylypdyr. Ol zenan suratda uzaga seredip otyr. Ýöne ol gülümsiremeýär. Ol surat aslynda "Žokondonyň" suratydyr. Suratdaky zenan Florensiýadan bir täjiriň aýalydyr".

"Mona Lizanyň" saklanýan Luwr muzeýinda Paskal Kotuň aýdanlaryny açyklamak etmek islemändirler. Çünki Kot bu muzeýiň derňeýji toparynyň agzasy däl. Ol diňe 2004-nji ýylda şol surat eserini öwrenmek hem barlap görmek üçin Luwr muzeýinden ýörite rugsat alypdyr. Käbir bilermenleriň öňe sürmegine görä, suratkeşleriň öz esasy suratlaryny köplenç owalky çeken, ýöne soň halamadyk surat eserleriniň ýüzüne çekmek endikleri bar.

"Mona Lizanyň" suratynyň astynda başga bir zenanyň hem suratynyň bardygy hakdaky maglumat bolsa indi muzeýiň derňew toparyndaky bilermenler ol surat eserini doly barlagdan geçirenden soň resmi häsiýetde aýdylar.

Sungat taryhçysy Andrew Graham Diksonyň aýtmagyna görä, hut bu surat eserini derňemek sungat taryhynda gaty uly üýtgeşik iş bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG