Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Hodorkowskä aýyp bildirýär


Mihail Hodorkowski metbugat ýygnagynda çykyş edýär, 9-njy dekabr, 2015 ý.
Mihail Hodorkowski metbugat ýygnagynda çykyş edýär, 9-njy dekabr, 2015 ý.

Orsýetiň derňewçileri ozalky nebit tütjary we Kremliň tankytçysy Mihail Hodorkowskä iki adamyň öldürilmegini gurnamakda we dört adamy öldürmek synanyşygyny etmekde resmi aýyplama bildirdiler.

Derňew komitetiniň sözçüsi Wladimir Markin 11-nji dekabrda «Interfaks» habar gullugyna Hodorkowskiý 1998-nji ýylda Nefteýugansk şäheriniň häkimi Wladimir Petuhowy hem-de Handelsgaz nebit kompaniýasynyň başlygy Ýewgeniý Rybinyň janpenasyny öldürmekde aýyplandy diýdi.

Rybiniň özi 1998-nji ýyldaky kast ediş synanyşygyndan aman galypdy.

Derňewiň maglumatlaryna görä, Hodorkowskiý öz işgärleri bolan Leonid Newzlin bilen Alekseý Piçugine, hamala onuň gulluk wezipesiniň «Ýukos» kompaniýasynyň bähbitlerine ters gelýändigi üçin, Petuhowy öldürmegi buýrupdyr.

Şeýle-de Hodorkowskiý atyşykda ýaraly bolan üç adamy öldürmäge synanyşmakda aýyplandy diýip, derňew komiteti aýtdy.

Hodorkowskiniň sözçüsi bulary hiç hili «heňe gelmeýän» aýyplama diýip atlandyrdy.

Hodorkowskä bildirilen täze aýyplamalar onuň iki gün mundan ozal Orsýetde «rewolýusiýa gutulgusyz we zerur» diýen sözleriniň yz ýanyna gabat geldi.

«Bu adamlary öldürenleriň üsti bu işiň amala aşyrylan ýylynda, 1998-nji ýylda açyldy, ýerine ýetirijiler tapyldy we tussag edildi. Emma soň olar düşnüksiz sebäplere görä azatlyga goýberildi we öldürildi» diýip, Hodorkowskiý aýtdy.

Derňewçiler iýun aýynda Petuhowyň öldürilmegi bilen bagly jenaýat işini gaýtadan açýandyklaryny aýtdylar.

Häzir Londonda ýaşaýan Hodorkowskiý täze derňewiň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň buýrugy boýunça açylandygyny aýtdy.

«Häkimiýeti kanun esasynda çalyşmak üçin dogruçyl saýlawlar institutynyň we başga mehanizmleriň ýok ýerinde ony çalyşmagyň ýeke-täk usuly rewolýusiýa bolup durýar, Orsýetde rewolýusiýanyň bolmagy gutulgusyz» diýip, Mihail Hodorkowskiý aýtdy.

Derňew komiteti 8-nji dekabrda Hodorkowskini soraga çagyrdy, ýagny çakylyk haty onuň kakasynyň adresine geldi. Ol derňewe gatnaşmajagyny we Derňew komitetiniň wekilleri bilen aragatnaşyk gurmajagyny aýtdy.

Bir zaman Orsýetiň iň baý adamy bolan Hodorkowskiý 2003-nji ýylda tussag astyna alyndy we maliýe jenaýatlarynda günäli tapylyp, türme tussaglygyna höküm edildi.

Tarapdarlary onuň gurnalan jenaýat işi esasynda Putine garşy çykandygy we «Ýukos» nebit kompaniýasynyň emlägini döwletiň eline bermek üçin jezalandyrylandygyny aýdýarlar.

Ol 2013-nji ýylda Putiniň günä geçmesi esasynda türmeden çykdy we Şweýsariýa göçdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG