Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak BMG-ä ýüz tutdy


Yrak Türkiýäniň demirgazyk Yrakda ýerleşdiren esgerlerini haýal etmän çykarmagy baradaky talaby bilen BMG-ä ýüz tutdy.

"Biz [BMG-niň] Howpsuzlyk geňeşini Türkiýäniň öz güýçlerini derrew Yrakdan çykarmagyna... we Yragyň özygtyýarlylygyny gaýdyp bozmazlyga çagyrmagyny soraýarys» diýip, Yragyň ilçisi Mohamed Ali Alhakim 11-nji dekabrda ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Samantha Powere, şu aý Howpsuzlyk geňeşine prezidentlik edýän ilçä ýazan hatynda aýtdy.

"Bu BMG-niň Düzgünnamasynyň ýörelgeleriniň gödek bozulmagy, Yrak döwletiniň toprak bütewiliginiň we özygytýarlylygynyň bozulmagy hasaplanylýar” diýip, hatda aýdylýar.

Howpsuzlyk geňeşiniň bu mesele boýunça duşuşmak plany ýok, emma Power ABŞ-nyň pozisiýasy «islendik goşun ýerleşdirmegiň özbaşdak Yrak döwletiniň razylygy esasynda amala aşyrylmagy gerek» diýen pikire esaslanýar diýdi.

Şeýle-de ol Yrak bilen Türkiýäniň arasyndaky gepleşikleri dowam etdirmäge we häzirki kyn ýagdaýdan iki tarap üçin hem dostlukly çykalga tapmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG