Sepleriň elýeterliligi

Kabulda 4 jeňçi öldürildi


Owgan howpsuzlyk güýçleri Kabuldaky ispan ilçihanasynyň golaýyndaky myhman jaýa hüjüm eden jeňçileriň dördüsini hem öldürdi diýip, owgan resmileri 12-nji dekabrda habar berdiler.

Owgan paýtagtynyň berk goralýan böleginde, birnäçe ilçihananyň we hökümet binalarynyň ýerleşýän ýerine gurnalan hüjümde ispan howpsuzlyk ofiserlerinden azyndan biri wepat boldy.

Mundanam başga, dört sany owgan polis ofiseri öldürildi. Azyndan ýedi adam bolsa, golaýdaky hassahanada düşen ýaralary sebäpli bejergi aldy diýip, resmiler aýtdylar.

Hüjümçiler 11-nji dekabr güni giçlik ulag bombasyny partlatdylar we howla kürsäp urup, howpsuzlyk güýçleri bilen sagatlap söweş gurdular.

Atyşyk we partlama sesleri ir säherler hem eşidildi. Bu hüjümiň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG