Sepleriň elýeterliligi

Prezident Wladimir Putin rus harbylaryna Siriýadaky rus güýçlerine abanýan howp-hatara garşy berk çäre görmegi buýurdy.

Putin 11-nji dekabrda Moskwada goranmak resmilerine ýüzlenip, Siriýadaky rus güýçlerinehowp salýan nyşanalary derhal weýran etmelidigini aýtdy.

Geçen aý türk uçary rus harby uçaryny Siriýanyň serhedinde urup ýykdy we bu ýagdaý Moskwa bilen Ankaranyň arasynda ýiti dartgynlylyk döretdi.

Türkiýe ol uçaryň öz howa giňişligine girendigini aýdýar, Orsýet muny ret edýär. Putin Türkiýäniň adyny agzamazdan, «ýene-de prowokasiýa bolmak ähtimallygyny» duýdurdy.

Şeýle-de rus prezidenti harbylaryň günbatar tarapyndan goldanylýan we prezident Başar al-Assada garşy söweşýän Azat Siriýa goşuny üçin howa goragy, ýarag we üpjünçilik kömegini edendigini aýtdy.

Emma Kremliň sözçüsi Peskow soňra Orsýet Siriýadaky kanuny häkimiýetleri ýarag bilen üpjün edýär diýdi.

XS
SM
MD
LG