Sepleriň elýeterliligi

Aktiwistler: Krymda hukuk bozulýar


Ukrain aktiwistleri Krymda, Orsýet tarapyndan anneksiýa edilen ukrain ýarymadasynda adam hukuklarynyň bozulmagynyň giň ýaýrandygyny aýdýarlar.

Aýdylmagyna görä, adamlar rus raýatlygyny almaga mejbur edilýär we milletçiler tarapyndan gorkuzylýar.

Aktiwistler 11-nji dekabrda ABŞ-nyň Helsinki komissiýasynda, amerikan hökümetiniň Adam hukuklary boýunça 1975-nji ýylda baglaşylan Helsinki ylalaşygynyň halkara derejesinde berjaý edilmegine gözegçilik edýän guramasynda bolan duşuşykda çykyş etdiler.

“Basylyp alnan Krymdaky adam hukuklarynyň ýagdaýy elhenç we barha beterleşýär» diýip, ukrain ýuristi we Gara deňiz ýarymadasyndaky problemalary dokumentleşdiren hasabatyň awtorlarynyň biri Iwanna Biliç aýtdy.

XS
SM
MD
LG