Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen bitaraplygynyň 20 ýyllygy


Bitaraplygyň 20 ýyllygy toýlanýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:51 0:00

Bitaraplygyň 20 ýyllygy toýlanýar

12-nji dekabrda Türkmneistanda BMG-niň bu ýurduň «hemişelik bitaraplyk» durumyny resmi taýdan ykrar etmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, uly baýramçylyk dabarasy geçirilýär.

Türkmenistan üçin bu bitaraplyk durumunyň nämäni aňladýandygy 20 ýyldan soňam aýdyň bolman galýar.

Türkmenistanyň merhum prezidenti Saparmyrat «Türkmenbaşy» Nyýazowyň 1995-nji ýylda bitaraplygyň manysyny düşündirişi bilen Türkmenistanyň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan bitaraplyk syýasatynyň arasyndaky umumylyk beýle bir kän däl.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň bitaraplyk durumunyň manysy we onuň Türkmenistana soňky 20 ýylda beren we bermedik zatlary hakynda söhbetdeşlik gurady.

Bu söhbetdeşligi Azatlygyň müdiri Muhammad Tahir alyp bardy. Söhbetdeşlige Glazgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýany öwrenýän bölüminiň professory, «Türkmenistanyň daşary syýasaty: Oňyn bitaraplyk we Türkmen režiminiň konsolidasiýasy» atly kitabyň awtory Luca Anceschi, Türkmenistandan alternatiw habarlary çap edýän täzelikler saýtynyň redartory Ruslan Mätiýew gatnaşdy. Şeýle-de oňa men – Türkmenistanyň bitaraplygyny başyndan şu güne çenli synlap gelýän Brus Pänniýer gatnaşdym.

Söhbetiň başynda Anceschi Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatyna syn berdi.

“Bu syýasat arkaly Türkmenistan indi 20 ýyl bäri halkara jemgyýetçiliginiň bir gyrasynda durdy, ýöne ol izolýasiýa syýasaty, liberallaşma ugrunda, adam hukuklarynyň goragyny kämilleşdirmek babatda daşardan edilýän basyşyň hiç wagt içki arenada möhüm rola eýe bolmazlygyny üpjün etmek syýasaty hökmünde hem ulanyldy” diýip, Anceschi aýtdy.

Mätiýew şeýle diýdi: “Haçanda biz bitaraplyk barada gürrüň edenimizde, meniň pikirimçe, biz bitaraplyk konsepsiýasy bilen türkmen bitaraplygynyň aratapawudyny aýyl-saýyl etmeli bolsak gerek.»

Bitaraplyk konsepsiýasy, 2006-njy ýylda ýogalan Nyýazowyň başda göz öňüne getirişi boýunça, Türkmenistany oňuşmaýan taraplaryň arasynda gepleşik

Hakykatda, Täjigistanyň graždan urşunyň (1992-1997) iki tarapynyň wekilleri 1995-nji ýylyň dekabrynda türkmen paýtagty Aşgabatda inter-täjik parahatçylyk gepleşiklerine başladylar.

Ýöne bu gepleşikleriň bir tapgyry 1994-nji ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda Yslamabatda geçirilipdi, ondan öňki täjik gepleşikleri Moskwada we Tähranda geçirilipdi. Emma olaryň hiç biri hem ö diýen şowly ýer hasaplanmandy, sebäbi Orsýet täjik hökümetiniň tarapyny tutsa, Eýran oppozisiýa gol ýapýar diýen garaýyş bardy.

Aşgabatdaky gepleşikler tapgyry bir topar şowsuzlyklara uçrady, emma muňa garamazdan, iki täjik topary Aşgabatdaky duşuşyklaryny 1996-njy ýylyň iýulyna çenli dowam etdirdi. Haçanda 1999-njy ýylyň martynda owganystandaky uruşýan taraplar Aşgabatda gepleşik üçin duşuşanda, Nyýazowyň göz öňünde tutýan zady hakykatdanam mümkin bir zat ýaly bolup göründi.

Emma Täjigistanyň raýat urşy 1997-nji ýylyň ortasynda gutardy we 2001-nji ýylyň aýagynda Owganystanda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky başlanan operasiýa, bolmanda wagtlaýyn, inter-owgan parahatçylyk gepleşikleriniň zerurlygynyň soňuna çykdy. Şondan soň Aşgabada hiç kim özara dawasyny çözmek üçin geljek bolmady, sebäbi türkmen hökümetiniň hukuk bozujy hökmündäki «abraýy» barha ýokarlanýardy.

Netijede, bitaraplyk syýasaty üýtgedi, «ol hökümet üçin ýurdy daşarky dünýäden penalamagyň galkanyna öwrüldi» diýip, Mätiýew aýtdy.

Şu günler bu ýurt köplenç Demirgazyk Koreýa bilen deňeşdirilýär we Türkmenistan baradaky hasabatlarda «izolýasiýaçy» diýen aňlatma köp duşýar.

Emma ýurduň içinde, medianyň berk gözegçilik we manipulýasiýa astynda saklanylýan ýerinde, Mätiýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň halkynyň arasynda resmi bitaraplyk syýasatyna goldaw bildirilýär.

“Umuman ilat, mundan näme bähbit bardygyna göz ýetirip durmasa-da, Türkmenistanyň bitarap döwlet bolmagyna örän buýsanýar» diýip, ol aýtdy.

Anceschi türkmen hökümetine bitaraplyk syýasatynyň zerurdygy barada durup geçdi:

“Meniň pikirimçe, bu kanunylyk barasynda. Olar bitaraplyk populýar, özboluşly, hususan-da onuň BMG derejesinde, belent derejede ykrar edilmegi abraý diýip pikir edýärler... režim türkmen halkynyň özi tarapyndan edilýän ähli zady BMG derejesi ýaly ýokary derejede ykrar edilýär diýip hasaplamagyny isleýär. Olar şuňa çalymdaş bir kanunylyk almak isleýärler.»

Şeýle-de Anceschi bitaraplyk syýasatynyň gowuşgynsyzdygyny belledi. “Olar bitaraplygy maýyşgak bir görnüşde, ol hemme zady, şol bir wagtda bu sözüň garşylykly manysyny aňladýan ýaly edip ulanýarlar» diýip, Anceschi aýtdy.

Iňlisçeden gysgaldyp terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG