Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada "Ýabloko" lideri tutuldy


Orsýetiň oppozisiýadaky “Ýabloko» partiýasynyň lideri Moskwanyň merkezinde ygtyýar berilmedik ýygnanyşykda polisiýa tarapyndan tussag edildi.

Sergeý Mitrohin 12-nji dekabrda, Puşkin skwerinde Konstitusiýa gününi bellemäge gelen graždan jemgyýeti aktiwistleri bilen, konstitusiýany üýtgetmek barada demonstrasiýa geçirmekçi bolanda tutuldy.

Şäher häkimiýetleri bu çärä rugsat bermändiler. Partiýanyň twitter sahypasynyň berýän maglumatyna görä, «Ýablokonyň» ýene bir aktiwisti Anton Antonow-Owseýenko hem tussag edildi.

XS
SM
MD
LG