Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny belleýär


Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk durumynyň 20 ýyllygyny baýram edýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkara jemgyýetçiligini halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk we halkara hukugy problemalaryny öwrenýän halkara merkezini döretmek meselesine seretmäge çagyrdy diýip, TDH ýazýar.

Şeýle-de türkmen prezidenti şenbe güni Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş ugrundaky halkara hyzmatdaşlygy» ady bilen geçirilen halkara konferensiýada BMG-niň çäklerinde Halkara bitaraplyk gününi döretmek meselesine seretmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň bitaraplyk durumynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan foruma daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we uly derejeli wekilleriniň hem bir topary gatnaşdy diýip, türkmen mediasy habar berýär.

XS
SM
MD
LG