Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly aýal özüni partlatdy diýilýär


Nanagarharda aperlde bolan partlamadan soňky görnüş, 2015

Nanagarharda aperlde bolan partlamadan soňky görnüş, 2015

Owganystanyň günortasyndaky Nangarhar welaýatynda janyndan geçen bombaçy aýalyň özüni partlatmagy netijesinde ýedi adam, şol sanda üç çaga wepat boldy.

Azatlyk radiosynyň Pakistan boýunça maglumat berýän Maşal radiosynyň Nangarhardaky habarçysynyň ýerli resmilere salgylanyp beren maglumatyna görä, özüni partladan aýalyň Türkmenistanyň raýatydygy aýdylýar.

Nangarhar gubernatorynyň edarasynyň sözçüsi Ataulla Hogýani bu hadysanyň 10-njy dekabr agşamy, howpsuzlyk güýçleri dokuz sany rusça gepleýän adamy, şol sanda özüni partladan aýaly we üç çagany tussag edeninden soň bolandygyny aýtdy.

Hogýani tutulan adamlaryň howpsuzlyk güýçleriniň edarasyna alnyp gidilendigini we ol aýalyň şol pursatda öz bedenine berkidilen partlaýjyny ýarandygyny gürrüň berdi.

Partlamada üç çaga, owgan howpsuzlyk güýçleriniň hem üç ofiseri wepat boldy.

Bu partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady. Tussag edilen toparyň diri galan adamlary derňew astynda.

Mundan ozal Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän welýatlarynda hereket edýän söweşijileriň hatarynda Türkmenistandandygy aýdylýan käbir adamlaryň bardygy hakynda hem maglumatlar gowşupdy.

Ýöne häzir türkmenistanlydygy aýdylýan zenanyň nähili ýagdaýda ol ýere barandygy we Owganystanda näme iş bilen meşgul bolandygy barada hiç bir maglumat ýok.

Türkmenistanyň Owganystandaky diplomatiki wekilçilikleri häzirlikçe bu habar bilen bagly halk köpçüligine hiç bir beýanat ýaýratmady.

Bu habary başga çeşmeler arkaly tassyklamak başartmady.

Azatlyk radiosynyň Kabuldaky habarçysy ýerli resmilere salgylanyp, häzir bu hadysa boýunça derňew geçirilýändigini, özüni partladan aýalyň hakykatda haýsy ýurduň raýatydygynyň häzirlikçe resmi taýdan tassyklanylyp bilinmeýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG