Sepleriň elýeterliligi

Pariž konferensiýasy 'taryhy' ylalaşygy geňeşýär


Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius BMG-niň howandarlygynda Parižde geçirilýän klimat konferensiýasynda klimat özgermesine garşy göreş boýunça çäkleri kesgitleýän ylalaşyk taslamasy bilen tanyşdyrdy.

Fabius 12-nji dekabrda dünýäniň 195 ýurdundan konferensiýa gatnaşýan wekillere ýüzlenip, bu taslamany goldamaga çagyrdy.

Ol bu ylalaşygy «taryhy» diýip atlandyrmak bilen, onuň planetar maýlamany selsiýa boýunça 2 derejä çenli aşak düşürjegini aýtdy.

Bu ylalaşyk boýunça halkara jemgyýetçiligi klimat özgermesine garşy, 2020-nji ýyldan başlap, her ýylda 100 milliard dollar harçlar.

Ol bu ylalaşygyň "kanun esasynda" borçlandyrjagyny nygtady.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun konferensiýa gatnaşyjylary şertnamany kabul etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG