Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenistan duýgudaşlygam bildirmeýär"


Siriýaly türmenler.
Siriýaly türmenler.

Siriýanyň Baýyrbujak türkmenleriniň wekili Sadetdin Molla özleriniň şu günki agyr ýagdaýyna Türkmenistanyň göz ýumýandygyndan nägileligini bildirip, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde «Özenini goramaýan döwletler ýok bolýar» diýdi.

«Türkiýeli bir okuwçy çaga öz sowalga puluny Siriýadaky türkmenlere iberýärkä, baý döwlet bolan ata watan Türkmenistan, kömek etmek beýle-de dursun, iň bärkisi, şu wagta çenli bir duýgudaşlyk hem çap etmedi» diýip, ol Azatlygyň «Dünýä türkmenleri» gepleşigine beren gürrüňinde aýdýar.

Mälim bolşy ýaly, türk söweş uçarynyň Orsýetiň SU-24 kysymly uçaryny urup ýykmagy bilen, Siriýanyň Türkiýe bilen serhetleşýän Baýyrbujak sebitiniň we Türkmen dagynyň atlary dünýäniň dürli metbugat serişdelerinde peýda boldy.

Bu sebitde ýaşaýan etniki türkmenleriň käbiri özleriniň režim güýçleri bilen bir hatarda rus harbylarynyň hüjümlerine hem yzygiderli duçar bolýandyklaryny aýdýarlar. Siriýadaky Türkmen milli hereket partiýasynyň başlygynyň orunbasary Arif Emeç hem metbugat çykyşynda: "Orslar bombalaýarka, Türkmenistan nirede?" diýdi.

Eýsem, Siriýa türkmenleri dünýä türkmenleriniň ata watany diýilýän Türkmenistan hökümetinden nämä garaşýarlar? Siriýanyň režim güýçleriniň hüjümleri bilen bilelikde rus howa zarbalary astynda galan etniki türkmenler häzir nähili ýagdaýlary başdan geçirýär? Türkmenistandan goldaw ýokdugyndan nägile bolýan türkmenlere kimler nähili kömek edýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda siriýaly türkmenleriň başdan geçirýän ýagdaýlaryna nazar aýlady.

"Türkmenistan dymýar"
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG