Sepleriň elýeterliligi

Pariž: Klimat şertnamasy kabul edildi


BMG-niň howandarlygynda Parižde geçirilen klimat konferensiýasyna gatnaşyjylar klimat özgermesini azaltmak üçin ilkinji global şertnamany kabul etdiler.

200-e golaý döwlet 12-nji dekabrda, iki hepdelik çekişmelerden soň, ähli döwletleriň kömürturşy gazlary azaltmaga borçlanýan ilkinji klimat şertnamasyny kabul etdi.

"Biz bilelikde dünýä bir bolup çykyş edende nämäniň mümkindigini görkezdik» diýip, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama metbugat ýygnagynda Parižde gazanylan üstünligi öwdi.

“Kämil bolmasa-da, bu ylalaşyk biziň öz eýe bolan planetamyzy gorap saklamak mümkinçiligimize wekilçilik edýär» diýip, amerikan lideri aýtdy.

Bu ylalaşyk esasynda global maýlamanyň selsiýa boýunça 2 derejä çenli aşak düşürilip bilinjekdigi aýdylýar.

Bu maksada ýetmek üçin hökümetler kömürturşy gazlarynyň köpelmegini togtatmak babatda gyssagly çäre görmäge borçlandylar.

XS
SM
MD
LG