Sepleriň elýeterliligi

Montonegro: NATO garşy demonstrasiýa boldy


Montonegroda azyndan 2 müň adam kiçijik balkan ýurdunyň NATO agza bolmagyna garşy demonstrasiýa çykdy.

Montonegro birnäçe gün ozal howpsuzlyk ýaranlygyna agza bolmaga çakylyk alypdy. Parlamentiň daş işiginde 12-nji dekabrda, orsýetçi oppozision partiýalaryň çagyrmagynda guralan proteste 5 müň çemesi adam gatnaşdy.

Olar bu mesele boýunça referendum geçirilmegini talap etdiler. Täze Serb demokratik partiýasynyň lideri Andrija Madiç eger hökümet NATO agzalygy meselesini referenduma goýman, parlament arkaly geçirmäge synansa, «Montonegro konfliktiň gyrasyna alnyp barlar» diýdi.

Protestçiler Orsýete tarapdar şygarlara gygyrdylar we urşa we NATO garşy plakatlary galdyrdylar.

XS
SM
MD
LG