Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus lideri ylalaşyga çagyrýar


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko 12-nji dekabrda Orsýet bilen Türkiýäni arada dörän oňşuksyzlygy ýeňip geçip, ylalaşyga gelmäge çagyrdy.

Ol Aşgabatda, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň hem gatnaşmagynda guralan regional ýygnanyşykda "Häzirki zamanyň gowgaly dünýäsinde ýalňyşlyk gutulgusyz, ýöne olar çigişdirilmän, çözülmeli» diýip, Lukaşenko aýtdy.

"Eger sen ýalňyş goýberseň, ony boýun almaly we ýagdaýy ýumşatmak üçin ylalaşyk we eglişik etmek üçin güýç tapmaly» diýip, ol aýtdy.

Moskwa bilen Ankara Siriýanyň serhedinde türk güýçleri tarapyndan urlup ýykylan rus uçary sebäpli oňşuksyz ýagdaýda dur.

XS
SM
MD
LG