Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan TOPH gurluşygyna başlaýar


Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň döwlet baştutanlary.
Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň döwlet baştutanlary.

Türkmenistan ýekşenbe güni özüniň Owganystana, Pakistana, Hindistana gaz iberjek geçirijisiniň (TOPH) Türkmenistandaky böleginiň gurluşygyna başlady diýip, «Roýters» habar gullugy 13-nji dekabrda Marydan habar berdi.

10 milliard dollar bahasy bar diýip hasaplanylýan proýekt Aşgabadyň gaz söwdasynda Orsýete we Hytaýa bolan garaşlylygyny kemeltmeli.

TOPH proýektiniň gurluşygyna badalga bermeklige bagyşlanan dabara Mary şäheriniň golaýynda, «Galkynyş» gaz ýatagynyň alkymynda guraldy. Bu gaz ýatagy 1814-kilometre uzajak geçirijini gaz bilen üpjün etmeli.

Türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow düýn, 12-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň oňyn bitarplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara konferensiýada çykyş edip, ýurduň soňky ýyllarda diwersifikasiýa strategiýasyna eýermek esasynda, hyzmatdaşlar bilen, gündogar we günorta uruglary boýunça iri geçiriji proýektlerini amala aşyrandygyny aýtdy. Emma synçylaryň käbiri bu gurluşyklaryň o diýen oýlanyşykly bolmandygyny öňe sürýär.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow konferensiýada 13-nji dekabrda TOPH geçirijisiniň ýurt içindäki böleginiň gurluşygyna başlanjagyny ýene bir gezek dile getirdi.

"Bu geçiriji 2019-njy ýylyň dekabryna çenli gurlup gutarar. Ol 33 milliard kub metr gaz geçirmek ukybyna eýe bolar” diýip, türkmen prezidenti Berdimuhamedow owgan kärdeşi Aşraf Ganiniň, Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarifiň we Hindistanyň wise-prezidenti Hamid Ansariniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada aýtdy diýip, «Roýters» habar berýär.

Türkmenistanda gurulmagy planlaşdyrylýan TOPH geçirijisi üçin ýeterlik gazyň bardygy aýdylýan hem bolsa, ekspertler bu proýektiň durmuşa geçirilmek ähtimallygyny, Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy sebäpli, barha kän sorag astyna alýarlar.

Mundanam başga, bu proýektiň maliýeleşdirme meselesiniň hem o diýen aýdyň däldigi bellenilýär.

TOPH-yň gurluşygy «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygynda gurulýar we dünýäniň iri energiýa kompaniýalarynyň hiç biri entek bu gymmatbaha proekte goşulmaga beýle bir ilgezik görünmeýär.

«Roýters» habar gullugy häzir TOPH meselesinde gepleşik geçirýän ýeke-täk kompaniýanyň Dubaýda ýerleşýän «Dragon Oil» bolup durýandygyny, bu kompaniýanyň Türkmenistanyň Hazar kenarlaryndan nebit çykarýandygyny ýazýar.

Şeýle-de, metbugat habarynda aýdylmagyna görä, türkmen hökümeti ýekşenbe güni özüniň ýapon we türk kompaniýalary bilen, «Galkynyş» ýatagynyň üçünji tapgyryny işe girizmek boýunça, «çarçuwalaýyn ylalaşyk» baglaşandygyny aýtdy. Bu iş amala aşyrylsa, gaz ýatagynyň öndürijiligi ýylda 95 milliard kub metre ýeter diýip, habarda aýdylýar.

Bu konsorsiuma Ýaponiýanyň «JGC Corporation», «Mitsubishi», «Itochu», «Chiyoda» we «Sojitz» kompaniýalary, Türkiýäniň «Çalik Group şirketleri» we “Ronesans Endustri Tesisleri» kompaniýalary girýär.

Ýöne hökümet bu täze tutumyň düşjek bahasy, çykdajylary barada hiç bir jikme-jiklik aýtmandyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gaz «Galkynyş» gaz ýatagynda öndürilýär. Hytaý häzir, Orsýet bilen aradaky gaz söwdasy gowşap galanyndan soň, Aşgabadyň esasy alyjysy bolup durýar.

Metbugat habarlarynda aýdylmagyna görä, Pekin Aşgabatdan ýylda 30-35 milliard kub metr aralygynda gaz satyn alýar. Emma ozal Türkmenistanyň esasy alyjysy bolan Orsýet geçen ýyl Aşgabatdan bary-ýogy 11 milliard kub metr gaz aldy we bu ýyl öz alýan ýangyjynyň derejesini 4 milliard kub metre çenli aşak düşürdi.

Munuň üstesine, Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda gaz nyrhlary boýunça hem oňşuksyzlygyň bardygy duýulýar. Türkmenistan şu ýyl Orsýeti öz satan alan gazynyň bahasyny töläp bilmezlikde aýyplady.

XS
SM
MD
LG