Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Partlamada 15 adam öldi


Pakistanda, owgan serhediniň golaýyndaky bazarda bolan partlamada 15 adam öldi.

Pakistan resmileri 13-nji dekabrda Paraçinar bazarynda bolan partlamada 50 çemesi adamyň ýaraly bolandygyny aýtdylar.

Ýerli dükançy Ali Turiniň DPA habar gullugyna aýtmagyna görä, günortan bomba ýarylanda gaty köp adam gyş eşiklerini satyn almak bilen gümra eken.

Ýerli telewideniýe ýüzlerçe adamyň partlama bolan ýerden gaçyp barşyny görkezdi.

Ýerli hassahananyň doktory AFP habar gullugyna ýaralylaryň ýagdaýynyň agyrdygyny, ölenleriň sanynyň köpelmeginiň ahmaldygyny aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG