Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Uçar heläkçiligine bomba sebäp däl


Müsüriň resmileri uçaryň gaçan ýerini barlaýarlar, Sinaý, Müsür, 31-nji oktýabr, 2015.
Müsüriň resmileri uçaryň gaçan ýerini barlaýarlar, Sinaý, Müsür, 31-nji oktýabr, 2015.

Müsüriň resmileri orsýet uçarynyň Sinaý ýarymadasynda oktýabr aýynda heläkçilige uçramagyna degişli deslapky hasabaty taýýarlandyklaryny aýtdylar, emma heläkçilige bombanyň sebäp bolmagynyň alamatlarynyň tapylmandygyny bellediler.

Müsüriň Graždan awiasiýa ministrliginiň 14-nji dekabrda çap eden beýannamasynda tehniki derňew komitetiniň 224 adamly uçaryň ýere gaçmagy bilen bagly “bikanun goşulyşmaklyga ýa-da terrorçylyk aktyna görkezip biljek hiç zat” tapmandygy aýdylýar.

Orsýetiň we Günbataryň resmileri uçaryň heläk bolmagyna bomba partlamasynyň sebäp bolandygyny öňe sürpdi. “Yslam döwleti” topary bilen bagly müsürli söweşiji gurama wakanyň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

Federal Howpsuzlyk gullugynyň müdiri Aleksandr Bortnikow uçaryň içinde bir kilogram dinamite barabar bombanyň partlamagynyň netijesinde heläkçilige uçrandygyny derňewleriň netijesinde aýdypdy.

31-nji oktýabrda Sankt Peterburga barýan A321 kysymly uçar Müsüriň Gyzyl deňzindäki Şarm el-Şeýh dynç alyş zolagyndan uçup gysga wagtdan soň ýere gaçypdy.

6-njy noýabrda Orsýet Müsüre ähli uçuşlary gadagan etdi.

XS
SM
MD
LG