Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Türk goşuny ýerini çalyşýar


Türkiýäniň demirgazyk Yrakda ýerleşýän käbir harbylary “Yslam döwleti” toparynyň goly astyndaky Mosul şäheriniň golaýynda ýerleşýän ýerlerini terk etdiler, diýip döwlet mediasy habar berdi.

“Türkiýäniň Başika lagerinde ýerleşen goşunlarynyň ençemesi ýerini täzelemegiň çäginde demirgazyga geçirildi” diýlip Türkiýäniň döwletiň gözegçiligindäki Anadoly täzelikler agentligi habar berdi.

Türkiýäniň premýer-ministriniň edarasy Başika lagerindäki harby güýçlerini gaýtadan düzmekçidigini 11-nji dekabrda mälim edipdi.

Türkiýäniň goşunlarynyň Yragyň Kürdüstan regionyndan Başika geçirilmegi Yragyň hökümetinde gahar-gazap döredipdi. Yragyň hökümeti türk goşunlarynyň çagyrylmandygyny we gitmelidigini aýdypdy.

Türkiýe öz goşunlarynyň “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerini Mosuldan gysyp çykarmak isleýän Yragyň meýletinçi goşunlaryny türgenleşdirýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG