Sepleriň elýeterliligi

Täze firma erkek adamlara hyjaply gelin tapyp berýär


Firma erkek adamlardan öz hyzmaty üçin müň som pul alýan bolsa-da, zenanlar üçin bu hyzmat mugt hödürlenýär.

Gyrgyzystanda yslamy nika gulluklary barha ýörgünli bolýar. Olar erkek adamlara hakyky musulman gelinlik tapyp bermegi söz berýärler.

Gaty köp gyrgyz ýaş ýigitleri dine uýýan gelinlik tapmagyň arzuwynda. Musulman zenanlar bolsa, yslama garşy alnyp barylýan tutumlar sebäpli, häzirki döwürde gaty kyn ýagdaýlary başdan geçirýärler.

Nika hyzmatyny edýän gulluk erkek adamlary we geljekki gelinleri hut şerigatyň kadalaryna görä saýlap alýar. Olar öýlenmek isleýän erkek adamlara zenanlaryň suratyny hem görkezmeýärler. Durmuşa çykmak isleýänler hem görme-görşe ýeke özleri gelmeýärler. Olaryň ýanynda hökman bir hossary bolýar. Yslamy nika gullugyny esaslandyran Burul Jeniş gyzynyň aýtmagyna görä, firma diňe günde bäş wagt namaz okaýan we yslamyň kada-kanunlaryny gaty gowy bilýänleriň arzasyny kabul edýär. Muny doly anyklamak üçin bolsa her bir müşderi bilen aýratynlykda ýörite söhbetdeşlik geçirilýär. Hödürlenýän hyzmat üçin erkek adamlardan müň som pul alynýar. Zenanlara bolsa mugt hyzmat edilýär.

Bişkekde dindar zenanlara öýlenmek isleýänleriň sanynyň hetdi-hasaby ýok. Hatda munuň bilen baglanyşykly dürli edaradyr-guramalarda asylan bildirişlere hem duş gelmek bolýar. Burul atly zenanyň aýtmagyna görä, onuň kömekçileri hem, derrew äre çykýandyklary üçin, bu ugurda uzak işläp bilmeýärler.

Gurhan ugrundan mugallym Nuraýym Saparbaý gyzy bolsa, özi içýän hem çilim çekýän gaty köp erkekleriň bu firma ýüz tutup: "Meni dindar bir gyz bilen tanyşdyryň" diýýändigini, ýöne özüniň şeýle adamlara hiç haçan kömek etmeýändigini tekrarlaýar.

Şeýle adamlar gyzlaryň ýanyna golaýlaşyban bilenoklar. Sebäbi namazly-orazaly gyzlar köçede hiç kim bilen tanyşmaýarlar. Gurhan okuwynyň gyz okuwçylaryndan biri: "Biz erkek adamlar ýaly halan adamymyz bilen tanyş bolup bilmeýäris. Biz diňe Alladan özümize gowy bir erkek adama durmuşa çykmaga kömek etmegini isläýmesek, başga alajymyz ýok" diýip gürrüň berýär.

Musulman gelinler erkek adamlaryň arasynda aýratyn ýörgünli ýagdaýa eýe bolanam bolsa, hyjaply zenanlar jemgyýetde dürli kynçylyklara duş gelýärler.

Nuryza atly zenanyň gürrüň bermegine görä, dünýäde ýüze çykan soňky ýagdaýlar sebäpli jemgyýetde hyjaply aýal-gyzlara garşy ýigrenç owalkydan has artyk. "Mekdepde maňa ol ýeriň bir dünýewi ýerdigini aýtdylar we meniň hyjabymy aýyrmagymy talap etdiler. Men matematika fakultetini gutardym we dünýewi geýimde gezýän mugallymlardan kem sapak beremok" diýip, ol bu ugurdaky öz närazylygyny aýan edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG