Sepleriň elýeterliligi

Täjik resmisi gozgalaňy yslamçylar maliýeleşdirdi diýýär


Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazon Rahimzoda, Duşenbe, 14-nji dekabr, 2015

Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazon Rahimzoda, Duşenbe, 14-nji dekabr, 2015

Täjigistanyň içeri işler ministri sentýabrda aýynda Duşenbede 20-den gowrak adamyň ölümine sebäp bolan gozgalaňyň Täjigistanda gadagan edilen “Yslam gaýtadan döreýiş” partiýasy tarapyndan maliýeleşdirilendigini aýtdy.

Ramazon Rahimzoda 14-nji dekabrda geçirilen maslahatda adam pidaly hüjümleriň dowamynda “ýönekeý adamlar kanun goraýjy agentliklere goldaw berdiler” we hökümetiň “terrorçy topary” 10-12 günüň dowamynda ýok etmegini mümkin etdiler diýdi.

Täjigistanyň hökümeti 4-nji sentýabrda bolan hüjümlerde goranmak ministriniň öňki orunbasary Abduhalim Nazarzodany aýyplady. Nazarzoda öz tarapdarlary bilen bir hatarda hökümet güýçleriniň çärleriniň netijesinde öldürildi.

Awgust aýynda “Yslam gaýtadan döreýiş” partiýasy “ekstremist we terrorçy gurama” diýlip yglan edildi, 29-njy sentýabrda Täjigistanyň Ýokary sudy guramany gadagan etdi.

Täjigistanyň bu hereketi halkara guramalary tarapyndan berk tankyt edildi.

XS
SM
MD
LG