Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet: Hassahanada 23 adam wepat boldy


Ruhy keseller hassahanasynda ýangyn söndürijiler işleýärler, Alfýorowka, Woronež regiony, 13-nji dekabr, 2015.

Ruhy keseller hassahanasynda ýangyn söndürijiler işleýärler, Alfýorowka, Woronež regiony, 13-nji dekabr, 2015.

Orsýetde ruhy hassahanasynda bolan ýangynda 23 adam wepat boldy, ýene 23 adam ýaralandy. Häkimiýetler galan hassalaryň göçürilendigini aýtdylar.

Elektrik simlerindäki kemçilikleriň netijesinde dörändigi çak edilýän ýangyn 13-nji dekabrda döräp, birnäçe sagatdan soň söndürildi.

Ýangyn söndürijiler ýaralanan 15 adamyň keselhana eltilendigini aýtdylar.

Orsýetiň ruhy hassahanalarynda ýangynlar wagtal-wagtal döreýär.

Adatça sowet döwründe gurulan köne binalarda ýerleşýän hassahanalarda 2013-nji ýylda dörän iki ýangynda 37 we 38 adam wepat bolupdy.

XS
SM
MD
LG