Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli täjir ors hökümetiniň ykdysady syýasatyny tankytlady


Orsýetli täjir Dmitriý Potapenko.

Orsýetli täjir Dmitriý Potapenko.

Orsýetli täjir Dmitriý Potapenkonyň golaýda Moskwada geçen ykdysady tegelek stolda eden çykyşy onuň ýurt içinde hem daşynda edýän bölek söwda we azyk önümleriniň söwdasyndan başlandy. Şondan soň hem ähli zat ula ýazdy.

Hiç bir zady ýaşyrman açyk gürlän Potapenko ors hökümetiniň ykdysady syýasatyny tankytlap, onuň gözegçilik arkaly resmileriň kisesini doldurmaga we söwda ulgamyny bogup ýatyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.

45 ýaşly Potapenko tegelek stola gatnaşýanlara ýüzlenip şeýle diýdi: "Geçen 20 ýyllykda söwda ulgamy bilen häkimiýetleriň arasyndaky dialog edil bir gassabyň sygryň gözüne garap, pyçagy onuň bokurdagyna diräp, 'bu gün näme bar, etmi ýa süýt' diýip soramagy ýalydy" diýdi.

Sosial mediada ýaýran wideo

Köneden bölek söwdagär Potapenko Moskwanyň söwda töwereklerinde tanalsa-da, Orsýetde giňden tanalýan adam däl.

Ýöne onuň tegelek stolda eden çykyşynyň sekiz minutlyk wideoýazgysy öten hepde sosial mediada ýaýrap, ýurduň gürrüňçi gatlagyny aňk-taňk etdi.

Potapenkonyň biri-birinden aýry iki sany wideosyna "You Tube" ulgamynda 800 müňe golaý adam tomaşa etdi. Kremliň tanymal tankytçylary, şol sanda oppozisiýanyň başlygy we korrupsiýa garşy göreşe öňbaşçylyk edýän Alekseý Nawalnyý hem Potapenkony öwdüler.

Potapenko ors häkimiýetlerini söwdagärlere ýaramaz çemeleşmekde dowamly tankyt edýär. Ol Kremli salgyt derňewçilerine we beýeleki döwlet işgärlerine ýeterlik kontrollyk etmeýänlikde aýyplaýar.

“Salgyt tölemekden gaçýarlar”

Orsýetde söwda ulgamyndaky adamlar ors resmileri para almak üçin bular ýaly barlaglardan galp peýdalanýarlar diýip, köp wagt bäri nägilelik bildirip gelýärler.

Potapenkonyň eden çykyşynyň köp adamy gyzyklandyrmagynyň bir sebäbi onuň ors parlamentiniň aşaky palatasynda Senagat komissiýasynyň başlygy bolan Wladimir Gutenew bilen sene-mene edişenligi bolsa gerek.

Putiniň häkimiýet başyndaky ”Bütewi Orsýet” partiýasynyň agzasy Gutenew Potapenkonyň aýdýanlaryna garşylyk görkezip, ors kompaniýalaryny ýurt daşynda söwda edip, salgyt tölemekden gaçýarlar diýip tankytlady.

Potapenko hem oňa öz puluň hem eliň bilen işlemek bir komissiýa ýolbaşçylyk etmekden tapawutly diýip jogap berdi.

Potapenko Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Ors gullugyna beren interwýusynda öz agzalýan çykyşyna adamlaryň gyzyklanma bildirmeginiň sebäbi "olaryň işewürler bilen häkimiýetleriň arasyndaky gatnaşygyň hakyky tebigatyny görenligi" bolsa gerek diýdi.

XS
SM
MD
LG